2035-nji ýyldan Kanadada diňe ekologiýa taýdan zyýansyz awtoulaglar satylar

  • 21.12.2023 13:47
  • 7.6k+

Kanadanyň daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ministri Stiwen Gilbo 2035-nji ýyldan ýurtda benzin ýa-da dizel ýangyçlarynda işleýän ýeňil awtomobilleriň satuwyny gadagan etmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Olar elektromobiller we zarýad berilýän gibridler bilen çalşyrylar. Ýurt kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny nola getirmegi maksat edinýär diýip, MIR 24 habar berýär.

Ýurtda eýýäm bu meýilnamany durmuşa geçirmäge taýýarlyk görlüp başlandy, ol tapgyrlaýyn ýerine ýetiriler. Her bir awtoöndüriji ilki bilen bazara elektrik hereketlendirijili awtomobilleri ýa-da birikdirilýän gibridleri, iň bolmanda, az göterimde hödürlemeli. 2026-njy ýylda şeýle “ekomobilleriň” paýy 20%, 2027-nji ýylda 25%, 2028-nji ýylda 34%, 2029-njy ýyla çenli 49%, 2030-njy ýyla çenli 60% bolmaly. Göterim 2035-nji ýylda 100%-e ýetýänçä ýokarlanar. Gilbonyň aýtmagyna görä, täze düzgünler diňe az litražly modellere, sedanlara, hetçbeklere däl, eýsem pikaplar bilen ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtomobillere-de degişli bolar.
Bu üýtgeşmeler 2025-nji ýyldan soň gurlan ýaşaýyş jaýlaryna hem täsir eder – olarda zarýad stansiýalaryny ýerleşdirmek üçin goşmaça mümkinçilikler göz öňünde tutular. Şeýle-de, döwlet satuw meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetiren awtoöndürijilere goldaw çäresini berer diýip, CBS News habar berýär.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......