Gyrgyzystanyň mejlisi milli baýdagyň dizaýnynyň bölekleýin üýtgedilmegini tassyklady

  • 21.12.2023 14:22
  • 6.4k+

Gyrgyz parlamentiniň agzalary respublikanyň Döwlet baýdagynyň dizaýnyny bölekleýin üýtgetmek baradaky teklibi goldady. Bu barada TASS habar berýär.

59 deputat ikinji we üçünji okalyşda Döwlet baýdagynyň dizaýnyny üýtgetmek üçin ses berdiler, bäşisi garşy çykdy. Ozal kanunyň taslamasy Gyrgyzystanyň mejlisiniň degişli komiteti tarapyndan goldanyldy.
Döwlet baýdagynyň dizaýnyny şu ýylyň güýzünde üýtgetmek baradaky başlangyç bilen Mejlisiň başlygy Nurlanbek Şakiýew çykyş etdi. Dekabr aýynyň ortalarynda ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow spikere baýdagy çalyşmagy hut özüniň teklip edendigini aýtdy. "Ondan öň jemgyýet arasynda baýdagymyzyň günebakara meňzeýändigi barada işjeň pikirler bardy. Bize syýahat etmäge gelen daşary ýurtlularyň, megerem, biziň ýurdumyzda günebakar köp ekilýändir diýýänleri hem boldy" – diýip,  Gyrgyz döwletiniň baştutany Kabar döwlet habarlar gullugyna beren interwýusynda düşündirdi.
Gyrgyz Respublikasynyň baýdagy gyzyl reňkli gönüburçly matanyň merkezinde ak öýüň tüýnügi şekillendirilip, ondan tolkun şekilli 40 sany sary Gün şöhlesi dürli tarapa uzalyp gidýär. Döwlet baýdagynyň täze wersiýasynda bu şöhleler göni görnüşde.


05.02.2026 22:58
3.1k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...

13.12.2025 01:06
2.8k+

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny durnukly ösüşiň netijeli binýady diýip atlandyrdy

Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogry we strategiki ähmiýetini subut etdi. Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün etdi we ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda çykyşynda aýtdy...

12.12.2025 13:10
7.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda daşary ýurtlaryň Prezidentlerini kabul etdi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli myhmanlar geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentlerini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde garşylady...

12.12.2025 11:09
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparow bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşdy

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Sadyr Žaparow halkara...