Apple Hytaýdaky ýertitremäniň ýetiren zyýanlaryny dikeltmäge kömek eder

  • 21.12.2023 13:34
  • 20k+

Apple amerikan kompaniýasy Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda bolup geçen ýertitremäniň netijelerini ýok etmäge kömek eder. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Tim Kuk Weibo sosial ulgamyndaky akkauntynda hytaý we iňlis dillerinde ýazdy.

“Gansudaky ýertitreme we onuň netijeleri, hakykatdanam, weýrançylykly. Apple-de biz ejir çekenler barada pikir edýäris we ýerlerde kömek bermek hem dikeldiş işleri üçin serişde bereris” – diýip, Kuk belledi.

Duşenbe güni, 18-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen 20:59-da Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda 6,2 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Netijede käbir suw üpjünçiligi, elektrik üpjünçiligi, transport, aragatnaşyk we beýleki infrastruktura desgalaryna zeper ýetdi.
Hytaýyň Maliýe ministrligi we Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş ministrligi Gansu welaýatyna 200 mln ýuan (takmynan, $28 mln) bölüp berdi.


düýn 11:17
4k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....