2023-nji ýylda iň ýokary ykdysady üstünlikleri gazanan ýurt belli boldy

  • 20.12.2023 18:34
  • 15k+

2023-nji ýylda iň uly ykdysady üstünlikleri gazanan ýurt adyna Gresiýa mynasyp boldy. Reýting “The Economist” žurnaly tarapyndan düzüldi.

Sanaw bäş sany ykdysady we maliýe görkezijisine – esasy inflýasiýa, inflýasiýanyň giňligine (sarp ediş sebedinde harytlaryň paýy), JIÖ-e, iş orunlarynyň sanyna we fond bazarynyň görkezijilerine esaslanýar. Gresiýanyň esasy üstünliklerinden biri ýerli häkimiýetler tarapyndan geçirilen birnäçe bazar özgertmeleriniň netijesinde fond bazarynyň hakyky bahasynyň ýyllyk hasabynda 43,8% ýokarlanmagy boldy. Şeýle-de bolsa, neşir ýurduň 2010-njy ýyllaryň başynda ýüze çykan çökgünlikden öňki ýagdaýa garanda heniz garypdygyny belleýär.
Sanawda Gresiýanyň yzyndan Günorta Koreýa, ABŞ, Ysraýyl, Lýuksemburg, Kanada, Çili, Portugaliýa, Ispaniýa we Polşa ýerleşdi. 35 ýurtdan ybarat reýtingiň soňky orunlaryny Beýik Britaniýa, Şwesiýa, Slowakiýa, Awstriýa, Islandiýa we Finlýandiýa eýeledi.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.2k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......