2024-nji ýylda dünýäde awtoulag satuwy ýokarlanar, ýöne önümçilik peseler

  • 19.12.2023 18:09
  • 10k+

2024-nji ýylda dünýäde 88,3 million täze awtoulag satylar, bu bolsa 2023-nji ýyldakydan 2,8 göterim köp bolar. Bu çaklama S&P Global Mobility tarapyndan edildi. Şol bir wagtyň özünde, seljerijiler önümçiligiň mukdarynyň 0,4% azaljakdygyny çaklaýarlar.

Dünýäniň awtoulag bazaryndaky ösüşiň esasy hereketlendirijileri Demirgazyk Amerika, Ýewropa we Hytaý bolup, satuwlar 2-den 2,4 göterime çenli ýokarlanar. Seljerijileriň pikiriçe, şol bir wagtyň özünde üç sebitde-de elektrik ulaglarynyň satuwy öser, ýöne iň işjeňleşjek ýeri Hytaý bolar. Bu ýerde 2024-nji ýylyň ahyryna çenli batareýa bilen işleýän ulaglar 26,4 million birlige ýetip, umumy bazaryň 44 göterimini tutar. 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýda bu kategoriýa 36% paý düşer.
Umuman alanyňda, şu ýylyň ahyrynda elektrik awtoulaglary dünýäniň 12%-ini tutar; 2024-nji ýylda olaryň paýy 16,2% -e çenli ýokarlanar.
Awtoulag pudagy koronawirus pandemiýasynyň we logistiki zynjyryň bozulmagy bilen baglanyşykly bökdençlikleriň netijesinden saplanmagyny dowam etdirýär. Şoňa laýyklykda 2023-nji ýylyň ahyryna çenli bazarda satylan ulaglaryň sany, takmynan, 86 million bolmaly, bu 2022-nji ýyldakydan 8,9% köp. Şol bir wagtyň özünde, önümçiligiň häzirki 89,8 million birlik bolanlygyndan 2024-nji ýylda 89,4 million birlige çenli sähelçe azalmagyna garaşylýar.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....