FIFA täzelenen Klublaýyn dünýä çempionatynda çykyş etjek klublary atlandyrdy

  • 18.12.2023 23:09
  • 7.3k+

FIFA 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşjak toparlaryň sanawyny hödürledi. Report agentliginiň guramanyň metbugat-gullugyna salgylanyp habar bermegine görä, ýaryşa jemi 32 klub gatnaşar.

Ýewropadan ýaryşa çempionlaryň ýoly boýunça saýlanan (UEFA-nyň Çempionlar ligasyndaky ýeňiş) dört klub – “Çelsi” (Angliýa), “Real” (Ispaniýa), “Mançester Siti” (Angliýa), şeýle-de häzirki ýaryşyň ýeňijisi gatnaşar.
Reýtinge görä ýaryşa ýene sekiz topar gatnaşar, bäş klubuň ady eýýäm belli – “Bawariýa” (Germaniýa), “PSŽ” (Fransiýa), “Inter” (Italiýa), “Portu” we “Benfika (ikisi-de – Portugaliýa).
Şeýle-de, ýaryşa şular gatnaşar: “Al-Ahli” (Müsür), “Widad” (Marokko), “Al-Hilýal” (Saud Arabystany), “Urawa Red Daýmonds” (Ýaponiýa), “Monterreý” (Meksika), “Sietl Saunders” (ABŞ), “Leon” (Meksika), “Oklend Siti” (Täze Zelandiýa) hem-de “Palmeýras”, “Flamengo”, “Fluminense” (hemmesi – Braziliýa).
Täzelenen görnüşde ilkinji ýaryş 2025-nji ýylyň 15-nji iýunyndan 13-nji iýuly aralygynda ABŞ-da geçiriler. Ýaryş 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty we zenanlaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionaty – 2023 ýaly formatda geçiriler, ýöne üçünji orun üçin oýun bolmaz.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......