Chevrolet Camaro ulagynyň önümçiligi bes edildi

  • 18.12.2023 15:40
  • 8.5k+

«General Motors» konserni «Chevrolet Camaro» ulagynyň önümçiligini togtatdy. Ulagyň altynjy nesline degişli modeliniň soňky nusgasy şu hepde konweýerden çykdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.

«Camaro» bütin dünýäde köp sanly janköýerleriň söýgüsini gazandy we birnäçe nesilleriň dowamynda adamlar ony satyn almak üçin «Chevrolet-iň» dilerlerine geldiler. Esasanam altynjy nesil ýolda özüňe bolan ynamy we öňdebaryjylygy şöhlelendirmek bilen, atletizmi we sowukganlylygy alamatlandyrýardy» diýlip, kompaniýanyň habarynda bellenilýär.
«GM» konserni «Camaro-nyň» önümçiliginiň şu hepde tamamlanandygyny tassyklady. Şeýle-de bolsa, awtoulag öndürijisi bu awtoulagyň iň soňky nusgasy barada hiç hili maglumat bermedi we entek bu waka barada metbugat beýanatyny çap etmedi.
«Chevrolet» 2023-nji ýylyň martynda «Camaro-nyň» önümçiliginiň bes ediljekdigini we altynjy nesil modeliniň mirasdüşeriniň ýokdugyny resmi taýdan yglan edipdi. Munuň şu ýylda däl-de, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda boljakdygy çak edilýärdi.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....