Alfa Romeo öz täze krossowerini Milano diýip atlandyrar

  • 16.12.2023 23:48
  • 6.7k+

Alfa Romeo geljekki täze önümi üçin saýlan adyny yglan etdi. Ykjam şäher wsedorožnigi hökmünde ornaşjak elektrik awtoulagy, 1910-njy ýylda italýan brendiniň taryhynyň başlanan şäheriniň hormatyna, Milano diýlip atlandyrylar.

Alfa Romeo Milano B derejeli model bolar - kompaniýanyň pikiriçe, Ýewropada iň islegli ulaga öwrüler. Kompaniýanyň başlygy Žan-Filipp Imparatonyň aýdyşy ýaly, täze önüm alyjylara Alfa Romeo-yň kiçi modellerini, mysal üçin, Giulietta-ny we Mito-ny halaýan, brendiň muşdaklarynyň bir bölegini yzyna getirmeli.
Milanonyň tehniki bölegi barada entek bir söz hem aýdylmady. Krossoweriň Jeep Avenger-iň dizaýnynda ulanylýan Stellantis konserniniň şol bir platformasynda guruljakdygy çak edilýär. Bu 156 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisini we 400 kilometr ýöreýiş ätiýaçlygyny aňladýar. Avenger-iň gibrid güýç gurluşy hem bar, Milano içinden otlanýan hereketlendirijili modifikasiýany hem alsa gerek. Täze önümiň resmi taýdan çykarylmagy indiki ýylyň aprel aýyna meýilleşdirilýär; dizaýndan başga-da beýleki platformadaşlaryndan esasy tapawudy şerekete mahsus dolandyrylyşy bolmaly.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....