FIFA 2023-nji ýylyň iň owadan goly baýragyna dalaşgärleri mälim etdi

  • 16.12.2023 23:08
  • 14k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýylyň iň owadan goly üçin gowşurylýan Ferens Puşkaş adyndaky baýraga dalaşgär üç oýunçynyň adyny yglan etdi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

2023-nji ýylyň jemleri boýunça bu baýraga «Braýtonda» çykyş edýän paragwaýly Hulio Ensiso we onuň 24-nji maýda Angliýanyň çempionatynda «Mançester Sitiniň» derwezesine geçiren pökgüsi, Braziliýanyň «Seriýa B» çempionatynda 27-nji iýunda «Noworizontino» bilen geçirilen oýunda tapawutlanan braziliýaly futbolçy Gilýerme Madruga («Botafogo Ribeýran-Pretu») hem-de Portugaliýanyň çempionatynda 12-nji martda «Boawista» bilen oýunda pökgini derwezä girizmegi başaran «Sporting» toparynyň portugaliýaly oýunçysy Nunu Santuş dalaşgärlik edýärler.
Ýeňijiniň ady 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Londonda geçiriljek dabarada yglan ediler.
Bu baýragyň häzirki eýesi amputasiýaly türgenleriň milli çempionatyndaky oýunda üstaşyr urgy bilen pökgini derwezä salmagy başaran polşaly amputant futbolçy Marsin Oleksiýdir.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......