Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko kosmosda bolan umumy wagty boýunça dünýäde ikinji ýere geçdi

  • 15.12.2023 22:11
  • 23k+

Türkmenistanyň Gahrymany, Roskosmos-yň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, TASS-nyň Halkara kosmos stansiýasyndaky (ISS) ýörite habarçysy Oleg Kononenko kosmonawt Ýuriý Malençenkodan öňe geçip, kosmos uçuşlarynyň jemi dowamlylygy boýunça ikinji ýeri eýeledi. Bu barada Roskosmos habar berdi.

“Şu gün Halkara kosmos stansiýasynda bir ýyllap dowam edýän ekspedisiýa gatnaşýan Roskosmos-yň kosmonawty Oleg Kononenko kosmos uçuşlarynyň jemi dowamlylygy boýunça dünýäde üçünji orundan ikinji orna çykdy. Ol kosmosa 6 gezek uçuşynda jemi 827 gün 9 sagat 23 minut 19 sekunt jemlän watandaşy Ýuriý Malençenkodan öňe geçdi"- diýip habarda aýdylýar.

Roskosmos umumy dowamlylygy 878 gün 11 sagat 29 minut 48 sekunt bolan bäş uçuşy tamamlan Gennadiý Padalkanyň kosmosda bolan umumy wagty boýunça birinji ýerde durýandygyny belläp geçdi. 4-nji fewralda irden Kononenkonyň bu rekordy täzelemegine garaşylýar.
Kosmonawt sentýabr aýynda "Soýuz MS-24" kosmiki gämisinde HKS-e bardy we stansiýada bir ýyl bolmagy göz öňünde tutulýar. Bu ekspedisiýanyň çäginde Kononenko kosmosda 1 müň günden gowrak wagt geçiren ilkinji adam bolup biler diýlip çaklanylýar.


düýn 10:07
2.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.2k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 11:47
8.5k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

03.06.2026 18:04
2.3k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....