Chrysler iň soňky 300C sedanyny çykardy

  • 14.12.2023 15:20
  • 10k+

Iň soňky «Chrysler 300C» sedany Kanadanyň Brampton şäherindäki zawodyň konweýerinden çykdy. Bu barada «Stellantis» konserninde habar berýärler.

Modeliň önümçiliginiň tamamlanmagynyň şanyna, «Chrysler» çäkli sanda kuwwaty 485 at güýji bolan 6,4 litrlik «Hemi V8» hereketlendirijisi oturdylan «300C» çykardy. Bu awtoulag jemi 2,2 müň nusgada öndürildi. Bu sedan sagatda 96 km tizlige 4,3 sekuntda ýetip bilýär we 12,4 sekuntda çärýek mil aralygy geçip bilýär.

Birinji nesil «Chrysler 300» (bazara baglylykda «300C») 2005-nji ýylda çykdy; ikinji we soňky nesil sedanlar 2011-nji ýyldan bäri öndürilýär. Esasy nusgasynyň bahasy 36 müň dollar. «300C-niň» önümçiligi tamamlanandan soň ABŞ-da «Chrysler» liniýasynda ýeke-täk ulag mpdeli – «Pacifica» miniweni (38 müň dollardan) galdy.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....