Mercedes-Benz Dubaýda kaşaň gökdirän bina gurar

  • 14.12.2023 15:12
  • 16k+

Mercedes-Benz we meşhur arap öndürijisi Binghatti Properties bilelikdäki taslamasyny yglan etdi. Mercedes-Benz-iň ýörite döredilen bölümi Mercedes-Benz Places diýlip atlandyrylýan 65 gatly kaşaň markaly gökdirän binanyň döredilişine gatnaşar. Minara nemes awtoulag öndürijisiniň bu işde ilkinji tejribesi bolar we 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ilkinji gurply ýaşaýjylaryny kabul etmäge taýyn bolar diýip, Arabian Business habar berýär.

Gökdirän binanyň boýy 341 metre ýeter we ilkinji eskizinden çen tutsaň, daşky dizaýny Mercedes-Benz-iň nyşanlaryny ulanyp bezeler. Bina Dubaýyň merkezi böleginde ýerleşer.
Mercedes-Benz Places terrasaly, howuzly we megapolisiň esasy gözel ýerlerine bakýan, sany gaty çäkli rezidensiýalardan ybarat bolar. Mundan başga-da, “akylly öý” tehnologiýalary we beýleki intellektual çözgütler wada berilýär. Gökdirän binanyň konsepsiýasynyň awtoulag öndüriji bilen işläp düzüjiniň arasynda bir ýyl töweregi ara alnyp maslahatlaşylandygy öňe sürülýär.
Taslama barada jikme-jik maglumatlaryň 24-nji ýanwarda aýan ediljekdigi aýdylýar. Deslapky maglumatlara görä, gozgalmaýan emlägiň her öýi 8,8 million dirhemden 79 million dirhem aralygynda (2,4 milliondan dollardan 21,5 million dollar aralygynda) bahalandyrylar.


03.06.2026 11:52
7.1k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.1k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.4k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......