Hindistanly milliarder Londondaky iň gymmat jaýy satyn aldy

  • 14.12.2023 09:22
  • 27k+

Hindistanly milliarder Adar Punawalla Londondaky iň gymmat aýratyn jaýy satyn aldy. Bu barada Financial Times gazetine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Gaýd Parkynyň golaýyndaky Meýfer sebitinde ýerleşýän, satyn alnan “Aberkonueý Haus” jaýynyň bahasy, takmynan, 138 mln funt sterlinge barabar. Umumy meýdany 2,3 müň inedördül metr bolan bu jaý geçen asyryň 20-nji ýyllarynda guruldy.
“Sanjym şazadasy” diýen ady alan Punawalla 2011-nji ýylda dünýäde iň uly sanjym öndürijisi bolan Hindistanyň gan syworotkasy institutynyň ýolbaşçysy boldy. Oxford-AstraZeneca sanjymlarynyň millionlarça dozasy hut şol ýerde taýýarlandy. Iki ýyl mundan ozal Punawalla Oksford uniwersiteti tarapyndan öz kompaniýasynyň gözleg binasyny gurmak üçin 50 mln funt sterling berdi.


düýn 19:18
3.1k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......