FIFA iň gowy futbolçylary sylaglamak dabarasyny 15-nji ýanwarda Londonda geçirer

  • 10.12.2023 23:42
  • 5.5k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) boýunça ýylyň iň gowy oýunçylaryny we tälimçilerini sylaglamak dabarasy 15-nji ýanwarda Londonda geçiriler diýlip, guramanyň web sahypasynda habar berilýär.

Dabarada iň gowy oýunçylar, tälimçiler hem-de erkekler we zenanlar futbol toparlarynyň simwolik ýygyndylary yglan edilen, ýylyň iň gowy goly «Puşkaşyň baýragy» bilen, ýylyň iň gowy janköýeri «Fan Awards» baýragy bilen sylaglanar, şeýle hem ýeňiji bolana «Fair Play» baýragy gowşurylar.
Köp kategoriýalarda iň gowular milli ýygyndylaryň kapitanlary we baş tälimçileri tarapyndan geçirilen ses berişligiň, janköýerleriň onlaýn ses bermeginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň arasyndaky sowal-jogabyň netijelerine görä kesgitlener.
Geçen ýyl Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messi iň gowy oýunçy, Argentinanyň futbol toparynyň baş tälimçisi Lionel Skaloni bolsa iň gowy tälimçi diýlip ykrar edilipdi.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......