Nissan Leaf hetçbegini krossowere öwrer

  • 08.12.2023 12:43
  • 7.9k+

«Nissan Leaf» elektrik awtoulaglarynyň täze nesli 2021-nji ýylda hödürlenen sport aýratynlyklary we beýik korpusy bolan «Chill-Out» kross-kupesine meňzediler. Häzirki wagtda bu model hetçbek görnüşinde öndürilýär.

«Chill-Out» konsepti «CMF-EV» platformasynda gurlup, «e-4orce» gurnamasy bilen dolandyrylýar. Mundan başga-da, awtoulag awtopilot bilen enjamlaşdyrylandyr. Täze «Leaf» ulagynyň hem bu aýratynlyklar bilen üpjün edilmegi mümkindir.
Üçünji nesil «Nissan Leaf» modeliniň tanyşdyrylyş dabarasy indiki ýyl bolar we awtoulag 2025-nji ýylda satuwa çykarylar.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda «Nissan Leaf» ulagynyň her ýylda 10 müň töweregi nusgasy satylýardy. Emma şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda onuň satuwy 35%-e golaý pese gaçdy. Model öndürilip başlanany bäri satuw nukdaýnazaryndan, 2023-nji ýyl iň ýaramaz ýyllaryň biri bolup biler: häzirki wagtda diňe 5,8 müň nusga «Leaf» satyldy.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....