2024-nji ýylyň ýazynda Ewerestde taryhda ilkinji küşt ýaryşy geçiriler

  • 08.12.2023 12:23
  • 3.1k+

“Ewerest 2024” halkara küşt ýaryşy 2024-nji ýylyň ýazynda Ewerestiň eňňitlerinde geçiriler. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, championat.com habar berýär.

Ýaryşlaryň birinji tapgyry Nepal tarapdan Ewerestiň esasy lagerinde 12 tapgyrdan ybarat bolan şweýsar ulgamyna laýyklykda geçiriler. Ikinji tapgyr diňe Ewereste çykmaga rugsady bolan alpinistler üçin geçer. Birinji tapgyra iň gowy gatnaşyjylardan sekiz adam saýlanyp alnar. Ikinji tapgyr (dörtden bir final, ýarym final we final) kislorod enjamlaryny ulanmak bilen geçiriler. Üç oýundan ybarat final 8000 metr belentlikde geçiriler.
Çäräniň Ginnesiň rekordlar kitabyna, Russiýanyň we Nepalyň rekordlar kitabyna girmegine garaşylýar. Ýaryşlaryň umumy baýrak gaznasy 150 müň dollar bolar. Ýeňiji 4 mln rubl alar.
Belläp geçsek, Ewerest dünýäniň iň beýik depesidir (deňiz derejesinden 8848 metr).


05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.4k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......