ABŞ-da elektrik ulaglaryna simsiz zarýad beriji ilkinji ýol ulanyşa berildi

  • 07.12.2023 16:05
  • 8.9k+

Bu dünýäde ilkinji zarýad beriji ýol bolmasa-da, ABŞ-da ilkinjidir. Ol edil adaty simsiz zarýad berijiler ýaly işleýär: asfalta kebşirlenen katuşkalar, ýoldan geçip barýan elektrik ulagynda ýörite zarýad kabul ediji stansiýa bolan ýagdaýynda, işjeňleşýärler.

Häzirki wagtda, Germaniýada, Ysraýylda, Italiýada, Hytaýda, Şwesiýada we Fransiýada bolşy ýaly, bu synagdyr. Zarýad beriji ýoluň uzynlygy bary-ýogy 400 metr, awtoulaglaryň hemmesiniň ondan zarýad alyp bilmejegi belli.
Ony işläp düzmek bilen Electreon meşgullanýar. Kompaniýa agzalan tehnologiýanyň elektrik ulaglaryny ýörgünli etmäge täsirini ýetirjekdigini çaklaýar. Şeýle ýollar hemme ýerde çekilse, elektrikli ulaglara ýokary kuwwatly batareýalar gerek bolmaz, bu bolsa awtoulaglaryň has ýeňlemegine we arzanlamagyna sebäp bolar.
Şeýle hem kompaniýa zarýad bermegiň bu usulynyň ýoluň töweregindäki adamlara, haýwanlara we ösümliklere zyýan bermeýändigini öňe sürýär. Electreon Miçigan ştatynyň hemme ýerinde synag meýdançalarynyň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär.


düýn 12:31
1.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......