Renault-yň täze ulagynyň kapotynda displeý ýerleşdiriler

  • 07.12.2023 15:58
  • 4k+

«Renault» kompaniýasy elektrokara öwrülen we adynyň yzyna «E-Tech» goşulmasy goşulyp, gaýtadan döredilen «Renault 5» modeliniň ilkinji suratlaryny görkezdi. Suratlar fransuz awtoulag öndürijisiniň metbugat gullugy tarapyndan neşir edildi.

Awtoulagyň esasy aýratynlyklarynyň biri – kapotynda displeýiň ýerleşdirilmegidir. Ol asyl ykjam hetçbekdäki howa germewleriniň ýerleşýän ýerine oturdylypdyr. Onda 5-lik belgi bilen batareýanyň dereje görkezijisi şöhlelendirilýär.
«Renault 5 E-Tech-iň» uzynlygy 3,9 metre deňdir. Satuw başlananda awtoulaglar 400 km çenli hereket ätiýaçlygyny üpjün edýän 52 kWt sygymly batareýa bilen hödürlener. Soňrakky üýtgeşmeleriň çägklerinde has az sygymly batareýaly (40 kWt) nusga peýda bolar. «Renault 5 E-Tech-iň» başlangyç bahasy takmynan 25 müň ýewro bolar. Täze önüm indiki ýylyň 26-njy fewralynda Ženewada geçiriljek halkara awtoulag sergisinde tanyşdyrylar.
«Renault 5» hetçbeki 1972-nji ýyldan 1996-njy ýyla çenli öndürildi, şol döwürde dürli ýurtlarda 5 million awtoulag satyldy.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....