Bugatti, Ferrari, Mercedes: iň gymmat nusgawy awtoulaglar 2023-nji ýylda näçe bahadan satyldy

  • 07.12.2023 15:39
  • 6.6k+

13-nji noýabrda Scaglietti-niň 1962-nji ýylda öndüren Ferrari 330 LM / 250 GTO-sy Nýu-Ýorkdaky RM Sotheby’s auksionynda 51,7 million dollara satyldy. Gadymy ýaryş awtoulagy auksionda satylan iň gymmat Ferrari we 2023-nji ýylda köpçülige satylan iň gymmat awtoulagdyr diýip, Bloomberg ýazýar. 

2023-nji ýylda auksionlarda satylan iň gymmat 5 awtoulag:

  1. 1962-nji ýylda çykan Ferrari 330 LM / 250 GTO, 13-nji noýabrda 51,7 million dollara satyldy.
  2. 1967-nji ýylda çykan Ferrari 412P Berlinetta, 17-nji awgustda 30,2 million dollara satyldy. 
  3. 17-nji noýabrda 18,8 million dollara satylan “Formula-1”-iň Mercedesi.
  4. 1962-nji ýylda çykan Ferrari 250 GT SWB California Spider, 2-nji martda 18 million dollara satyldy.
  5. 1964-nji ýylda çykan Ferrari 250 LM, 5-nji iýulda 17 million dollara satyldy.

Iň ýokary bahadan köpçülige satylan on awtoulagyň ýedisi Ferrari-dir, şol sanda - 19-njy maýda RM Sotheby's-de 12 million ýewro satylan 1972-nji ýylda çykan Ferrari 312 PB. Şeýle hem 18-nji awgustda auksionda 13,2 million dollara 1957-nji ýylda çykan Jaguar XKSS we 31-nji ýanwarda 2022-nji ýylda çykan Bugatti Chiron Profilée 9,7 million ýewro satyldy.
Bugatti - ýylyň iň köp satylan ulaglarynyň arasynda ýeke-täk döwrebap awtoulagdyr.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....