Gruziýaly pälwan syn ediş çarhyny sagadyň diliniň garşysyna aýlady

  • 06.12.2023 17:41
  • 11k+

Gruziýada türgen Bagrat Žgenti syn ediş çarhyny duran ýerinden 15 metr süýşürdi. Bu Kobuleti şäheriniň golaýyndaky dynç alyş seýilgähinde bolup geçdi diýip, MIR 24 habar berýär.

Attraksionyň agramy 200 tonna. 55 sekuntyň dowamynda pälwan ägirt uly gurluşy sagadyň diliniň garşysyna aýlady.
Birnäçe ýyl mundan ozal şeýle rekord Gruziýanyň paýtagtynda başga bir türgen tarapyndan goýuldy. Ýöne Tbilisiniň syn ediş çarhy öz agramy we diametri bilen häzirkiden pesdir.


27.02.2026 18:03
1.2k+

Türkmen medeniýeti Tbiliside görkezilen täze dokumental filmde öz beýanyny tapdy

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Gruziýanyň paýtagtyndaky Kino öýünde «Medeniýet dünýäni halas eder» atly täze dokumental filmiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bu kino eseri döwletara gatnaşyklary ösdürmekde we halklaryň arasynda özara ynamy berkitmekde medeniýetiň tutýan ornuny görkezýär...

28.01.2026 15:02
1k+

Tbilisiniň Ýunus Emre adyndaky institutynda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Tbilisi şäherinde Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Duşuşyk Ýunus Emre adyndaky institutyň binasynda boldy. Çärä Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem işgärleri gatnaşdy...

24.12.2024 00:19
3.7k+

Arheologlar Gruziýada ýüzi syrly nyşanly gadymy tagtajygy tapdylar

Gürjüstanda arheologlar ýüzi näbelli hatly gadymy daş tagtajygyny tapdylar. Bazalt daşynyň ýüzüne haşamlanyp ýazylan nyşanlaryň aňladýan manysy häli-häzire çenli açylmady we gelip çykyşy syr bolmagynda galýar diýip...

23.11.2024 21:54
5.7k+

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

22-24-nji noýabrda Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy bilen Gruziýanyň kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen kinosynyň günleri geçirilýär. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy...