Jokowiçiň raketkasy auksionda rekord baha satyldy

  • 06.12.2023 17:38
  • 4.9k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiçiň 2016-njy ýylda geçirilen Fransiýanyň Açyk çempionatynyň finalyndaky raketkasy SCP Auctions auksionynda, takmynan, 107,5 müň dollara satyldy. Bu barada auksionyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Bu mukdar auksionlarda tennis raketkasyny satyn almak üçin rekord baha boldy. Lotuň başlangyç bahasy 10 müň dollardy. Bellenilişi ýaly, Jokowiç bu raketka bilen Pariždäki kortuň toprakly ýüzüne ýürek çekdi. Şondan soň ony münbere zyňdy we raketka ony ahyrynda satuwa çykaran öňki eýeleriniň eline düşdi.
2016-njy ýylda geçirilen tennis boýunça Fransiýanyň Açyk çempionatynyň finalynda Nowak Jokowiç britaniýaly Endi Marreýden üstün çykdy. Bu ýeňiş oňa karýera “Uly tuwulgasyny” gazanmaga we muny başaran taryhda sekizinji tennisçi bolmaga mümkinçilik berdi.
Jokowiç 36 ýaşynda. Ol Uly tuwulga ýaryşlarynda (24) we “Masters” ýaryşlarynda (40) titullary boýunça, şeýle-de jemleýji ATP ýaryşlarynda ýeňişleriniň sany boýunça (7) rekord eýesidir. 


21.06.2026 21:03
2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....