Britaniýaly adam awtomekdebiň teoretiki synagyndan geçmek synanyşygynyň sany boýunça rekord goýdy

  • 06.12.2023 17:16
  • 5k+

Beýik Britaniýada awtoulag mekdebiniň bir okuwçysy teoretiki sürüjilik synagyndan geçmek üçin 60 gezek synanyşdy. Bu barada The Guardian ýazýar diýip, gazeta.ru belleýär.

Sürmegi öwreniji synagy Wusterşir graflygynyň Redditç şäherindäki synag merkezinde tabşyrdy we ondan geçmek üçin edilen synanyşygyň sany boýunça Britaniýada rekord goýdy. Beýleki graflyklarda oňyn netije almazdan ozal 53, 55 we 57 gezek synag tabşyran talyplar hem bar.
Synagy tabşyrmak üçin rekord eýesi 60 sagat we 1380 funt sterling sarp etdi.
Ulag ministrliginiň maglumatlaryna görä, soňky 15 ýylda teoretiki synaglary tabşyrmagyň derejesi 21% pese gaçdy we häzir 44%-e barabar. Düzgüne görä, talyp sürüjiler amaly synaga ýazylmak üçin ilki bilen sürüjilik teoriýasy boýunça test tabşyrmaly. Her synanyşygyň bahasy 23 funt sterling bolup, bir sagada golaý wagt alýar. Testden üstünlikli geçip bilmedikler ony täzeden tabşyrmak üçin azyndan üç iş güni garaşmaly.
Testiň özi birnäçe jogap warianty bilen ýol hereketiniň düzgünlerine degişli 50 soragdan durýar. Oňyn baha almak üçin öwreniji azyndan 43 dogry jogap bermeli. Şondan soň talyp sürüjilere sürüş wagty ýüze çykyp biljek hakyky wakalary saklaýan 14 wideo görkezilýär, olar bolsa bolup biljek howpa baha berip, iň bolmanda, 75-den 44 bal almaly.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
957

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......