Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi “CAREC” maksatnamasynyň baýragyna mynasyp boldy

  • 06.12.2023 08:39
  • 3.3k+

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine gender deňligini ilerletmek boýunça alyp barýan işleri üçin Aziýa ösüş bankynyň “CAREC” maksatnamasynyň medaly we degişli güwänamasy gowşuryldy.

Degişli baýrak şu ýylyň 29-njy noýabrynda geçirilen Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) ministrler derejesindäki 22-nji maslahatynyň çäklerinde gowşuryldy.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we Mongoliýanyň degişli guramalary bilen bir hatarda, Aziýa ösüş banky tarapyndan yglan edilen hem-de birnäçe tapgyrda geçirilen bäsleşige gatnaşdy. Gruziýanyň paýtagty Tbiliside guralan zenanlaryň işewürlik maslahatynda gender deňligini hem-de jemgyýetde deňhukuklylygy ilerletmek boýunça ýokary netijeleri görkezen ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine dabaraly ýagdaýda ýeňijiniň baýragy gowşuryldy.


düýn 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......