GTA 6-nyň treýleri YouTube-de 24 sagatda 70 million gezek görüldi. Bu rekord

  • 05.12.2023 22:08
  • 14k+

Grand Theft Auto 6 rekord goýmagyny dowam edýär. Ilki bu oýnuň posty X (Twitter) sosial torunda rekord derejede laýk gazandy, indi bolsa onuň treýleri YouTube-de ilkinji 24 sagadynda iň köp tomaşa edilen aýdym däl wideo boldy. Doly däl 24 sagatda wideony 70 milliondan gowrak gezek gördüler.

GTA 6 YouTube-de ähli wideolaryň rekordyny döwüp bilmez diýlip çaklanylýar. Bu rekord BTS toparynyň Butter şekilli aýdymyna degişli (ilkinji 24 sagadynda 108,2 mln tomaşa). Janköýerleriň hasaplamalaryna görä, GTA 6 24 sgatdan soň 85-90 mln töweregi tomaşa gazanar.

Grand Theft Auto 6 PS5 we Xbox Series X/S konsollarynda 2025-nji ýylda çykar.


şu gün 09:29
499

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......