Microsoft iPhone üçin App Store-a meňzeş marketpleýs çykarmak isleýär

  • 05.12.2023 21:27
  • 2k+

Apple Ýewropa Bileleşiginiň “Sanly bazarlar baradaky” kanunynyň talaplaryny ýerine ýetirip, iPhone we iPad ulanyjylara başga bir çeşmelerden programma üpjünçiligini ýükläp almaga rugsat beren ýagdaýynda, Microsoft korporasiýasy iOS we iPadOS üçin hususy marketpleýsini döretmegi meýilleşdirýär. Onda iPhone we iPad üçin oýunlar hem goşundylar satylar. Bu barada Microsoft-yň oýun bölüminiň ýolbaşçysy Fil Spensere salgylanyp, Bloomberg habar berýär.  

“Bu biziň häzirki wagtda işjeň işleýän strategiýamyzyň möhüm bölegi. Şol bir wagtyň özünde biz ykjam gurluşlarda programma üpjünçiliginiň monetizasiýasy üçin has köp mümkinçilikleri görmek isleýän hyzmatdaşlar bilen bu taslamany ara alyp maslahatlaşýarys” – diýip, Spenser belledi.

Microsoft-yň top-menejeri App Store-yň alternatiwasynyň haçan işe giriziljekdigini anyklaşdyrmady. Ýöne onuň aýtmagyna görä, munuň üçin birnäçe ýyl gerek bolmaz.
Bloomberg Microsoft-yň iOS üçin marketpleýsiniň relizi indiki ýyl bolup biler diýip hasaplaýar. Sebäbi Apple 2024-nji ýylyň 6-njy martyna çenli ÝB-niň talaplaryny ýerine ýetirmeli.


27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...