Aşgabatda Demir ýollarynyň hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň demir ýollarynyň baş müdirleriniň konferensiýasy geçiriler

  • 05.12.2023 11:54
  • 4.6k+

2024-nji ýylyň 13 – 19-njy aprelinde Aşgabatda Demir ýollarynyň hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň demir ýollarynyň baş müdirleriniň Konferensiýasynyň XXXVIII mejlisi geçiriler. Bu barada Orient habar berýär.

Bu ýokary derejeli çäre geçen ýylda ulag pudagynda gazanylan bilelikdäki üstünliklere baha bermäge, geljek üçin ugurlary kesgitlemäge we halkara demirýol jemgyýetçiliginiň özara gatnaşygy üçin täze höweslendirişe mümkinçilik berer. Aşgabatdaky forum Guramada “Türkmendemirýollary” agentliginiň agzalygynyň 30 ýyllygynyň hem nyşanyna öwrüler.
Geljekki waka Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan işjeň alnyp barylýan ulag diplomatiýasynyň çäklerinde ýurduň öňe süren möhüm çäreleriniň yzyny dowam etdirer. Bu babatda 2023-nji ýyl aýratyn bellärlikli boldy. Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň teklibi we BMG agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni diýip yglan edýän Rezolýusiýa kabul edildi. 


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......