Türkiýede elektromobilleri öndürýän üçünji brend peýda boldy

  • 04.12.2023 12:41
  • 13k+

Türkiýede täze Amperino awtoulag brendi we onuň ilkinji modeli — super ykjam C-100 elektrik heçbegi hödürlendi. Bu doly ýapyk kuzowly agyr kwadrisikl üç adama niýetlenendir. Indeksi Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygy mynasybetli saýlandy. Täze ulag 2025-nji ýylda yzygiderli öndürilip başlanar.

 

Amperinonyň gabarasy uzynlygyna, inine we beýikligine degişlilikde 3159x1500x1450 millimetr, doly toplumdaky ýagdaýdaky agramy 650 kilogram. Salonynyň ýerleşişine adaty däl usul bilen çemeleşildi. McLaren superkarlarynda bolşy ýaly, sürüji merkezde, onuň iki ýoldaşy bolsa yzda iki gapdalda oturýar. Şol sebäpli kiçi kokpitdäki ýolagçylara aýaklaryny uzatmaga mümkinçilik bolýar.
Ýükdanynyň göwrümi superykjam ulag üçin  örän uly - 370 litr diýlip yglan edildi. Batareýasynyň sygymy we elektrik hereketlendirijisiniň kuwwaty entek aýdylmady. Brendiň resmi web sahypasy Amperino-nyň iň ýokary tizliginiň sagatda 90 km-digini, bir zarýad bilen bolsa 150 kilometre çenli ýol geçip bilýändigini ýazýar. Batareýasy öý elektrik ulgamyndan 4 sagadyň dowamynda zarýad alar.
Amperino-nyň kuzowy birleşen materiallardan ýasalýar. Döwrebap elektrik ulaglaryna mahsus bolan skeytbord platformasynda durýar. Akkumulýator blogy teker bazasynyň içinde, poluň aşagynda ýerleşýär. Ýol-ulag hadysasy ýüze çykan halatynda goragynyň gowudygy we sürüjilere häzirki zaman kömek ulgamlarynyň bardygy mälim edildi.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......