2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň bijeleri çekildi

  • 03.12.2023 20:19
  • 15k+

2-nji dekabrda Gamburgda (Germaniýa) 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi.

24 topar dört sebede bölündi, şondan soň bije çekmek arkaly hersi dört topardan ybarat alty toparça kesgitlenildi.

  • A topar: Germaniýa, Şotlandiýa, Wengriýa, Şweýsariýa.
  • B topar: Ispaniýa, Horwatiýa, Italiýa, Albaniýa. 
  • C topar: Sloweniýa, Daniýa, Serbiýa, Angliýa.
  • D topar: pleý-off-yň ýeňijisi – A ýoly, Gollandiýa, Awstriýa, Fransiýa.
  • E topar: Belgiýa, Slowakiýa, Rumyniýa, pleý-off-yň ýeňijisi - B ýoly
  • F topar: Türkiýe, pleý-offyň ýeňijisi – C ýoly, Portugaliýa, Çehiýa.

A ýolunda ýarym final Polşa - Estoniýa we Uels - Finlýandiýa garaşýarys. Bu milli ýygyndylardan biri Ýewro-2024-iň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşar. B ýol: Ysraýyl - Islandiýa, Bosniýa we Gersegowina - Ukraina. C ýol: Gruziýa - Lýuksemburg, Gresiýa - Gazagystan.
Ýewro-2024-iň jemleýji bölüminiň 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndan 14-nji iýuly aralygynda Germaniýada geçiriljekdigini ýatladýarys. Ýaryşyň oýunlary 10 şäheriň 10 stadionynda geçer. Ýewropa çempionatynyň häzirki ýeňijisi Londonyň “Uembli” stadionynda Ýewro-2020-niň finalynda Angliýanyň milli ýygyndysyny ýeňen Italiýanyň ýygyndy toparydyr. Şol finalyň ykbaly jerime urgusynda çözüldi.


düýn 16:49
5.2k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.5k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.1k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.4k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....