Chevrolet täzelenen Tahoe we Suburban ulaglaryny tanyşdyrdy

  • 03.12.2023 16:05
  • 12k+

«Chevrolet» täzelenen «Tahoe» we «Suburban» kysymly ýolsuz ýerler üçin niýetlenen ulaglaryny (wnedoronik) tanyşdyrdy. Täze ulaglar Arlingtondaky (Tehas) «General Motors» zawodynda öndüriler. Olaryň satuwy 2024-nji ýylyň ahyrynda başlanar. Täzelenen ulaglaryň bahalary heniz yglan edilmedi.

Täzelenen «Tahoe» we «Suburban» ulaglarynyň dizaýny. Şeýlelikde, awtoulaglar täze gündizki hereket yşyklary, başga görnüşli radiator gözenegi (gara reňkli), keşbi üýtgedilen bamperler, ýalpyldawuk reýka bilen birleşdirilen yzky çyralar bilen enjamlaşdyryldy. Awtoulaglar üçin 24 dýuýmlyk teker diskleri hödürlenýär.
Tahoe» we «Suburban» ulaglarynyň salonlarynda sanly gurallar paneli  we 17,7 dýuýmlyk sensorly merkezi displeý ornaşdyryldy. Adaty geçiriş gutusynyň ýerine awtoulaglaryň rul bölüminde ýörite joýstik oturdyldy.
Şeýle hem ulaglarda awtomatiki gyssagly duruzyş (tormoz), frontal çaknyşma duýduryşy, öňki we yzky duralga ulgamlary, kör nokatlara gözegçilik mümkinçiligi we ulagy hereket zolagynda saklamak ulgamy göz öňünde tutulandyr.
Üýtgeşmeler wnedorožnikleriň tehniki tarapyna-da täsir etdi. Döwrebaplaşdyrylandan soň 3 litrlik dizel hereketlendirijisiniň kuwwaty 309 at güýjüne çenli ýokarlandy. Geçiriş gutusy – on basgançakly «awtomat». Öňkülerdäki ýaly, motor ulgamy 5,3 we 6.2 litr göwrümli benzin hereketlendirijileri öz içine alýar. Hereketlendirijileriň kuwwaty, degişlilikde, 360 we 426 at güýjüne deňdir. Ulaglaryň ähli tekerleri hereketlenýär.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....