Apple 2023-nji ýylyň iň gowy programmalaryny we oýunlaryny saýlady

  • 03.12.2023 11:54
  • 5.1k+

Bu ýylky App Store Awards-yň ýeňijilerine 14 programma we oýun girdi, onuň sanawy Apple-iň web sahypasynda çap edildi. Bular ulanyjylara «döredijilik zehini we täze başdan geçirmeler dünýäsini açmaga, maşgalasy hem-de dostlary bilen wagtlaryny hoş geçirmäge» mümkinçilik berýän programmalar. Ýeňijiler App Store-nyň redaksiýasynyň topary tarapyndan “ajaýyp tehniki täzelikleri, ulanyjy tejribesi we dizaýny” üçin, 40-a golaý finalçynyň arasyndan saýlandy.

Ýylyň programmalary: 

  • iPhone üçin: AllTrails – pyýada syýahaty, haýkingi we welosiped sürmegi halaýanlar üçin programma;
  • iPad üçin: Pret-a-Make-up – ýüze timar berijiler üçin eskiz kitaby, onda dürli ýüz bezeglerini synag edip görüp, pikirleriňi durmuşa geçirip bolýar;
  • Mac üçin: Photomator - köp funksiýaly surat redaktory;
  • Apple TV üçin: MUBI - awtorlyk we festiwal filmleriniň muşdaklary üçin akym hyzmaty;
  • Apple Watch üçin: SmartGym - sport zalynda we öýde türgenleşik üçin programma. 

Ýylyň oýunlary:

  • iPhone üçin: Honkai Star Rail - Genshin Impact -yň döredijilerinden ýapyk dünýä we RPG elementleri bolan action-adventure žanryndaky oýun;
  • iPad üçin: Lost in Play - animasiýa başdan geçirmesi;
  • Mac üçin: Lies of P - Pinokkio atly android baş gahrymany bolan action / RPG žanryndaky kompýuteriň rolly oýny;
  • Ýylyň arkada oýny: Hello Kitty Island Adventure - Hello Kitty älemindäki gahrymanlar bilen durmuş simulyatory.

düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....