Şu gün Germaniýada Ýewro-2024-iň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekiler

  • 02.12.2023 16:50
  • 11k+

Şu gün, 2-nji dekabrda Gamburgdaky Elba filarmoniýasynda 2024-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişligi geçiriler. Ýaryş 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda geçirilip, oňa 24 topar gatnaşar.

Bije çekilşik Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlar. Häzirki wagtda Ýewropa çempionatynyň final tapgyryna 21 gatnaşyjy belli. 20 topar saýlama tapgyryndan üstünlikli geçdi, Germaniýanyň topary bolsa kabul ediji ýurt hökmünde göni ýollama aldy. Ýaryşlaryň hojaýynlary, adatça, bije çekişigiň birinji sebedinde birinji orny eýeleýärler. Şeýle-de, birinji sebede Portugaliýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Belgiýanyň we Angliýanyň toparlary girdi. Ikinji sebede Wengriýanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň, Daniýanyň, Albaniýanyň we Awstriýanyň, üçünji sebede Niderlandlaryň, Şotlandiýanyň, Horwatiýanyň, Sloweniýanyň, Slowakiýanyň we Çehiýanyň toparlary girdi. Dördünji sebet häzirlikçe Italiýanyň, Serbiýanyň we Şweýsariýanyň toparlaryndan ybarat. Oňa heniz pley-off oýunlarynyň üç ýeňijisi-de goşular.
Ýewro-2024-de oýnamaga hukuk gazanmak üçin pley-off-a 12 topar gatnaşýar, Ýewropa çempionaty üçin üç ýollama ugrunda göreşilýär. Toparlar üç ugra bölünýär (A, B, C derejeleri), olaryň her birinde ýarym final we final oýunlary oýnalar. Her ugruň ýeňijileri Ýewropa çempionatyna çykýarlar. Pley-off-yň jübütleri toparlaryň Milletler ligasyndaky reýtingine esaslanýar. A derejesiniň birinji ýarym finalynda Uels Finlýandiýany kabul eder, ikinjide Polşa Estoniýa bilen oýnar. B derejesinde ýarym final oýunlarynda Bosniýa we Gersegowina Ukrainany, Ysraýyl bolsa Islandiýa bilen duşuşar. C derejesinde ýarym finallarda Gruziýa – Lýuksemburg we Gresiýa – Gazagystan oýunlary geçiriler. Ýarym final duşuşyklary 21-nji martda, final oýunlary 26-njy martda bolar.
Ýewro çempionatynyň final böleginde toparlar alty toparça bölüner (her toparçada her sebetden bir topar). Ýaryşyň pley-off-yna 16 topar çykar: alty toparçanyň ýeňijisi, öz kwartetlerinde ikinji orny eýelejek alty topar, şeýle-de toparlaýyn ýaryşy üçünji orunlarda tamamlanlaryň arasynda iň gowy dört topar.


şu gün 16:18
4.2k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....