Britaniýaly oglanjyk Apple-den äýnekli emojiniň “kemsidiji” ýylgyrşyny üýtgetmegi sorady

  • 02.12.2023 15:39
  • 15k+

Britaniýada äýnek dakynýan Teddi atly oglanjyk Apple kompaniýasyna äýnekli we dişli ýylgyrşy bolan “emoji-botanigiň” ýüzüni üýtgetmek haýyşy bilen ýüzlendi. Oglanjyk şeýle emoji äýnekli adamlaryň duýgularyny kemsidýär diýip hasaplaýar.

Teddiniň pikiriçe, ony we äýnek dakynýan beýleki köp sanly adamlary şeýle emojiniň olaryň “botanikdigi” barada nädogry garaýşy döredýändigi gynandyrýar. Şonuň üçin ol özüniň “towşan dişleri bolmadyk” emojisini teklip etdi. Onda emojiniň dişli ýylgyrşynyň deregine ýeser ýylgyrşy bar.
Teddi kompaniýanyň öz teklibine üns bermegine we alternatiwany kabul etmegine umyt edýändigini aýdýar.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......