Toyota Century krossoweri beýleki modellerden 12 esse haýal ýygnalýar

  • 01.12.2023 14:11
  • 7.9k+

Century premium ulagy ýygnalanda käbir amallary ýerine ýetirmeklik Toyota zawodynyň işgärleriniň bir minuda çenli wagtyny alýar, beýleki modellerde bolsa muňa bäş sekunt töweregi wagt gidýär. Bu barada Toyota Times korporatiw neşiri ýazýar. Bu gijikme gurnama işine bildirilýän has ýokary talaplar bilen baglanyşykly.

Century-niň ýygnalýan ýeri bolan Takhar zawodynda bir ýarym müň töweregi adam işleýär. Ýöne krossoweriň ýygnalmagy üçin, iň tejribeli işgärleriň diňe 40-sy saýlandy, olar saýlanandan soň bäş aýlap hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler. Okuwy tamamlanlaryndan soň, olar modeliň taryhy we onuň maksatly hyrydarlaryny bilmek ýaly üç synagdan geçmeli boldular.
Century-niň önümçiliginiň jikme-jikliklerini neşir krossoweriň podweskasyny gurnaýan işgärleriň tejribesinden mysallar alyp görkezýär. Beýleki modellerde boltlar berkidilende 20% çydamlylyk ulanylýar: mysal üçin, 100 Nm bolanda 80-120 Nm güýç ulanylýar. Century gurnalanda bary-ýogy 5 göterim üýtgemäge mümkinçilik berýär we işgärler, hatda, şonuň hem öňüni almaga synanyşýandyklaryny aýdýarlar.
Iň ýokary takyklygy üpjün etmek üçin käbir amallar ýerine ýetirilende, adatça biri ýeterlik bolýan bolsa-da, üç dürli gural ulanylýar. Mundan başga-da, ulagyň şassisiniň  gurnalýan meýdançasyndaky işgärler sanly dinamometriki açarlary ulanýarlar, olaryň görkezijileri şol wagtyň özünde kompýutere iberilýär we ýazgy edilýär. Şeýlelik bilen, zerur bolanda her nusganyň goýberilişini jikme-jik yzarlamak mümkin bolýar.
Ýokary standart gurnamagyň haýal depgini bilen şertlendirilýär. Neşiriň berýän maglumatyna görä, Takhardaky zawod günde üç Century-den artyk öndürip bilmeýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......