Garward uniwersiteti Teýlor Swift boýunça sapak geçer

  • 01.12.2023 13:35
  • 6.5k+

Garward uniwersiteti we Florida uniwersiteti, degişlilikde, «Teýlor Swift we onuň dünýäsi» hem-de «Teýlor Swift we beýleki meşhur zenan aýdymçylar bilen aýdym-saz hekaýasy» atly okuw sapaklaryny geçerler. Garwarddaky ouw maksatnamasyny professor, şahyr we tankytçy Stefani Bert alyp barar. Floridadakyny bolsa Melina Himenes geçer.

2024-nji ýylda talyplar planetanyň esasy estrada ýyldyzy Teýlor Swiftiň aýdymlarynyň sözleriniň edebi kanunlar bilen nähili kesişýändigini öwrenerler. Şeýle hem bu okuwyň dowamynda Areta Frankliniň, Billi Holideýiň we Dolli Partonyň döredijiligi öwreniler.
Ondan öň Stenford, Arizona, Tehas, Kaliforniýa, Nýu-Ýork uniwersitetleri we Berkli aýdym-saz kolleji aýdymçynyň medeni mirasy boýunça sapak geçipdiler. Şeýle hormata Nikki Minaž we Bad Bunny ýaly aýdymçylar hem mynasyp bolupdylar.


03.06.2026 22:59
2.6k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....