Aşgabatda kibermedeniýet açyk sapaklarynyň nobatdaky tapgyry geçirildi

  • 30.11.2023 21:49
  • 5.3k+

Aşgabatda «Hüşgärli nesil — bagtyýar nesil» atly kibermedeniýet seminarlar toplumynyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu gezekki çykyşlarda «sosial inženerlik» we «adam faktory» temasy esasy üns merkezinde boldy diýip, ashgabat.in habarlar portaly habar berdi.

Biziň daşymyzy gurşap alan, durmuşymyzyň bir bölegi bolan kompýuter tehnologiýalaryndan dogry peýdalanmak, olaryň peýdaly we zyýanly taraplaryny öwretmek hem-de ýaşlaryň kiber ulgamlara baglylygynyň öňüni almagy wagyz etmek maksady bilen geçirilýän bu açyk sapagyň nobatdaky bölümi «Bilim nokady» okuw merkezinde geçirildi.
Bu seminarlar toplumy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi tarapyndan yzygiderli ýagdaýda geçirilýär.


27.04.2026 01:07
1.4k+

«Ýaş inžener — 2026» bäsleşiginde ýaş zehinler öz innowasion taslamalaryny hödürledi

Türkmenistanyň paýtagtynda ýurt boýunça iki ýüze golaý zehinli okuwçynyň gatnaşmagynda geçirilen «Ýaş inžener — 2026» bäsleşiginiň netijeleri jemlendi....

14.04.2026 14:26
6.3k+

Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12»......

06.03.2026 17:29
5.5k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.6k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...