Iki ýaşynda okamagy öwrenen gyzjagaz Ginnesiň kitabyna girizildi

  • 30.11.2023 21:16
  • 9k+

Iki ýaşly amerikaly Isla Maknabb (Kentukki ştaty) Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Gyzjagaz aň derejesi ýokary bolan adamlaryň jemgyýetiniň iň ýaş agzasy boldy diýip, MIR 24 habar berýär.

Islanyň kakasynyň aýtmagyna görä, çagajyk ýedi aýlyk wagty kitaplarda özüne aýdylan predmetleri görkezip bilýärdi, 18 aýlyk wagty elipbiýi öwrendi, iki ýaşynda bolsa okamaga başlady. Mundan başga-da, ol ähli sanlary we reňkleriň aglabasyny bilýär.
Çaganyň ene-atasy gyzjagaza IQ derejesi ýokary bolan adamlaryň jemgyýetine goşulmak isleýänler üçin synagdan geçmek gerek diýen karara geldiler. Ilkibaşda hünärmenler gyzjagazyň örän ýaşdygy üçin synagy geçirmekden boýun gaçyrdylar, ýöne ahyrynda razy boldular.
Häzir Isla üç ýaşynda. Ol çagalar bagyna gatnaýar. Isla matematikany, surak çekmegi we okamagy gowy görýär. Gyzjagazyň ene-atasy onuň üçin aýratyn bilim meýilnamasynyň düzülmegini we mekdebe ir gitmegine mümkinçilik berilmegini isleýär.


18.06.2026 22:32
4.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....