Şweýsariýa taryhda iň arzan Olimpiadany geçirmek isleýär

  • 30.11.2023 21:02
  • 5.6k+

Şweýsariýanyň häkimiýetleri gyşky Olimpiadany 1,8 mlrd dollara geçirmegiň taslamasyny işläp taýýarladylar. Bu Olimpiýa hereketiniň tutuş taryhynda iň pes mukdardyr diýip, MIR 24 belleýär.

Döwlet 2030-njy ýa-da 2034-nji ýylda Oýunlary geçirmek islegi bilen ýüz tutmagy meýilleşdirýär. Bu uly çäräniň bahasyny peseltmek üçin guramaçylar täze sport desgalaryny gurmakdan ýüz öwrerler. Şol bir wagtyň özünde, ýaryşy haýsydyr bir sebitde däl-de, ýurduň dürli ýerinde geçirmek teklip edildi. Mundan başga-da, Olimpiýa obasyny döretmegiň zerurlygy bolmaz – türgenler bar bolan myhmanhanalarda ýerleşdiriler.
Şweýsariýa Olimpiadany iki gezek, 1928-nji we 1948-nji ýyllarda kabul etdi. Soňky üç arza ret edildi – ýurduň ýaşaýjylary gymmat bahaly çärä serişde harçlamak islemediler. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda jemgyýetçilik pikiri üýtgedi: soňky pikir soraşmalara görä, şweýsariýalylaryň 67%-i Konfederasiýanyň sport çäresiniň hojaýyny hökmünde çykyş etmegini isleýär diýip, Business Insider neşiri ýazýar.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
2k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....