Toyota gibrid awtomobillerinde logotipinden ýüz öwürdi

  • 30.11.2023 21:03
  • 10k+

2009-njy ýyldan bäri Toyota gibrid güýç enjamlary bilen üpjün edilen awtomobillerinde T nyşanynda gök yşykly halkany ulanýar. Täze Camry arassa gibrid bolandygyna garamazdan, bu nyşana eýe bolmady diýip, ixbt.com belleýär.

Nyşandaky gök aksentiň deregine Toyota Camry-nyň ýük goýulýan ýerinde HEV harplarynyň gapdalynda gök nokat peýda boldy. Kompaniýa täze tegelegiň “Ýerde ýaşaýan adamlaryň bagtyny we ony indiki nesle geçirmek islegini” alamatlandyrýandygyny nygtaýar.
Täze gök nokat täze Toyota gibridlerindäki, birikdirilýän gibridlerdäki, akkumulýator batareýaly elektromobillerdäki we ýangyç elementlerinde işleýän elektromobillerdäki öňki belli nyşanyň ornuny çalşar. Bu üýtgeşmeler Camry, Crown we awtoöndürijiniň iň meşhur gibridi bolan Prius modellerinden başlaýar.
RAV4, Venza we Corolla ýaly beýleki elektrikleşdirilen awtomobiller wagtlaýyn gök logotipi saklap galdylar, sebäbi olar heniz täzelenmedi. Ýakyn wagtda olarda hem gök nokat peýda bolar.
Bu awtoöndürijiniň “önümleriniň kömegi bilen uglerod bitaraplygynyň çäginden çykmak” we “planeta hem jemgyýete oňyn täsir etmek” üçin elektrikleşdirilen ulag serişdeleriniň ulanylmagyny göz öňünde tutýan “Beyond Zero” marketing kompaniýasynyň bir bölegidir.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......