Niderlandlaryň Türkmenistandaky ilçisi Mejlisiň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

  • 28.11.2023 08:08
  • 3k+

27-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaas Ýakob Shermersden ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Nikolaas Ýakob Shermers Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem diplomata Mejlisiň gurluşy we alyp barýan işleri, onuň ýurdumyzda amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriň, toplumlaýyn maksatnamalaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmekde eýeleýän orny barada giňişleýin maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Şunda Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň ikitaraplaýyn hem-de halkara guramalaryň ugry boýunça köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda soňky döwürde oňyn ösüşe eýe bolan ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň iki tarapyň hoşniýetli erk-islegine daýanyp, geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirildi.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......