Türkmenistanda energiýany tygşytlamak hakynda kanunyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy

  • 25.11.2023 06:21
  • 7.3k+

Türkmenistanda energiýany tygşytlamak we ýurdumyzyň energetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça işi kadalaşdyrjak degişli Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Wise-premýer energiýa serişdelerini rejeli ulanmaga, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurt bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli çäreleriň görülýändigi barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Kanunyň taslamasynda öz beýanyny tapmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.


19.05.2026 08:02
5.4k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 18:16
5k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....