“Alfa Romeo” brendi “Formula-1-den” gidýändigini resmi taýdan yglan etdi

  • 24.11.2023 15:51
  • 4.6k+

“Formula-1-de” “Alfa Romeo” brendi bilen “Sauber Motorsport-yň” arasyndaky 2018-nji ýylda başlan strategiki täjirçilik hyzmatdaşlygy Abu-Dabiniň Gran-prisinde tamamlanar. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär diýip, championat.com belleýär.

“Alfa Romeo” Halkara awtomobil federasiýasyna (FIA), toparyň düzümine giren ähli sürüjilere we işgärlere, şeýle-de ähli hyzmatdaşlara, şol sanda güýç enjamlarynyň üpjünçiligi üçin “Ferrarä” minnetdarlyk bildirdi.
Abu-Dabiniň Gran-prisini C43 bolidleri Sauber brendi bilen hyzmatdaşlygyň altyýyllygy mynasybetli altylyk belgi bilen geçirerler. Şeýle-de, bolidiň liwreýasynda Sauber toparynyň brende we öz toparyna goýýan hormatynyň alamaty hökmünde “Alfa Romeo nei nostri cuori” (“Alfa Romeo hemişe biziň ýüregimizde”) ýazgysy peýda boldy.
Ýatlap geçsek, öň “Alfa Romeonyň” 2024-nji ýyldan “Haasyň” titul hemaýatkäri bolup biljekdigi habar berildi.


29.05.2026 23:29
4.3k+

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

03.04.2026 14:50
3.5k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....

01.04.2026 14:15
3.6k+

Üç tigirli Formula-1-iň stilindäki sport awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmak üçin taýýarlanýar

Amerikanyň Ryn Motors kompaniýasy “Formula 1” awtoulaglarynyň stilinde dizaýn edilen FP3 sport ulagyny işläp düzýär. Awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat bermek meýilleşdirilýär....

06.02.2026 13:09
1.1k+

McLaren onunjy Konstruktorlar kubogynyň şanyna 10 sany superkar çykarar

McLaren britan brendi Formula-1-de "Konstruktorlar Kubogynda" gazanan onunjy ýeňşiniň hormatyna çäkli mukdardaky Artura Spider Championship Edition superkaryny hödürledi. Bu awtoulaglardan dünýä boýunça diňe 10 sany öndüriler...