25-nji noýabrda Aşgabatda «Kitap şüweleňi» geçiriler

  • 24.11.2023 10:44
  • 5.1k+

25-nji noýabrda sagat 10:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde «Kitap şüweleňiniň» nobatdaky sany geçiriler. Şüweleňe islendik adam çagalary bilen gatnaşyp biler.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirliginiň habar bermegine görä, şüweleňde:

  • Kitap ýarmarkasy;
  • Hödür kerem;
  • Türkmen Döwlet Gurjak teatrynyň çykyşlary;
  • Light show
  • Futbol show;
  • Robotatehnika;
  • Mental show;
  • Sirk show;
  • Multfilm;
  • Kitaplardan soraglar;
  • Hemaýatkärleriň soraglary;
  • Ýagşylyk ýerde ýatmaz ýaly çykyşlar bar.

Bu şüweleňi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guraýar. Onuň maksady — ýaş neslimizi milli ruhda, watançy ýaşlar edip terbiýelemekde, çagalarda kitaba bolan söýgüni döretmek we maşgala gatnaşyklaryny berkitmekde, türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary esasynda taýýarlanylan erteki kitaplaryny halk köpçüligine tanatmakdan ybarat.

Habarlaşmak üçin: +99362 755706 belgisine jaň edip bilersiňiz.
Şüweleňe degişli wideo üçin şu ýere basyň!


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......