Türkmenistanyň täze bellenen ilçisi Russiýada öz işine başlady

  • 23.11.2023 17:56
  • 10k+

Türkmenistanyň RF-däki ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Taraplar häzirki günde çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigini bellediler. Ýurtlarymyz dürli ugurlarda, hususan-da, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.
Şeýle hem söhbetdeşler ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüş häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanda türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegi, Aşgabatda Rus drama teatrynyň täze binasynyň we Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň täze binasynyň gurluşygy barada ylalaşygyň gazanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Ýurtlarymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-russiýa toparynyň nobatdaky mejlisine uly ähmiýet berýärler. Bu mejlisde söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem Esen Aýdogdyýew we Anatoliý Rudenko geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy sammitinde kabul edilen çözgütleriň we gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy bilen Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň arasyndaky ýakyndan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegi ylalaşdylar.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......