Ýewro 2024-iň toparlaýyn tapgyryna bije çekişlik üçin sebetleriň düzümi kesgitlenildi

  • 23.11.2023 10:05
  • 8.7k+

2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň final tapgyrynyň bijesi üçin sebetleriň düzümi kesgitlenildi.

Birinjisi — Germaniýa, Portugaliýa, Fransiýa, Belgiýa, Ispaniýa, Angliýa.
Ikinjisi — Wengriýa, Türkiýe, Daniýa, Albaniýa, Rumyniýa, Awstriýa.
Üçünjisi — Gollandiýa, Şotlandiýa, Horwatiýa, Sloweniýa, Slowakiýa, Çehiýa.
Dördünjisi - Italiýa, Serbiýa, Şweýsariýa, pleý-off A, pleý-off B, pleý-off C.

2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişligi 2-nji dekabrda geçiriler.
Ýewro-2024-iň final tapgyrynyň Germaniýada geçiriljekdigini ýatladýarys. Ýaryşyň oýunlaryny 10 şäherdäki 10 stadion kabul eder. Ýewropa çempionatynyň häzirki ýeňijisi Londonyň “Uembli” stadionynda Ýewro-2020-niň finalynda Angliýanyň milli ýygyndysyny ýeňen Italiýanyň ýygyndy toparydyr. Şol jemleýji oýnuň ykbaly jerime urgusynda çözülipdi.


düýn 21:08
2.9k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 00:06
5.3k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

17.05.2026 20:11
3.5k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....

16.05.2026 20:02
11k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....