Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

  • 23.11.2023 08:04
  • 5.5k+

22-nji noýabrda Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini möhüm diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen-malaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunda özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini bellemek gerek. Nebitgaz pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutany belledi.
Malaýziýanyň «PETRONAS» nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistanda ençeme ýyllaryň dowamynda üstünlikli iş alyp barýandygy we ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge saldamly goşant goşýandygy özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi. Kompaniýa köp ýyllardan bäri uglewodorod çig malyny gazyp almak boýunça taslamalary durmuşa geçirýär, şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli türkmen hünärmenlerini taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk edýär.
Umumy pikire görä, medeni-ynsanperwer ugurdaky, hususan-da, ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar.
Malaýziýanyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin özara bähbitlere doly laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......