Toyota Yaris Cross 2024 hödürlendi

  • 22.11.2023 15:15
  • 17k+

Toyota Ýewropada has kuwwatly we tehnologiki taýdan ösen şäher krossoweri bolan täzelenen Yaris Cross-y hödürledi. Bu awtoulag 1,5 litrlik benzin hereketlendirijisini, MG1 elektrik hereketlendirijisini we täze geçiriji gutyny birleşdirýän täze gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyryldy. Bu gurluşyň kuwwaty 116 at güýjünden 132 at güýjüne çenli artdyryldy. Krossower sagatda 100 km çenli tizligini 10,7 sekuntda artdyrýar, sagatda 80-den 120 km çenli badyny artdyrma bolsa 8,9 sekunt wagt alýar.

Hybrid 130 ulgamy Premiere Edition we GR Sport ýaly uly wersiýalarda elýeterli bolar. Mundan başga-da, kuwwaty 116 at güýjüne barabar bolan gibrid gurluş hödürlener.
Yaris Cross-yň salony sürüji tarapyndan sazlanylýan sanly enjam paneline we döwrebap multimediýa ulgamyna eýe boldy. Enjam paneliniň displeýiniň ölçegi 7 – 12,3 dýuým aralygynda üýtgeýär, multimediýa ulgamynyň ekrany bolsa 9 ýa-da 10,5 dýuým bolup biler. Şeýle-de, awtomobil ses kömekçisi bolan kämilleşdirilen ses tanaýyş ulgamy bilen üpjün edildi.
Toyota Yaris Cross täze kamera we radar ulgamlary, adaptiw kruiz dolandyryş we yzky oturgyçdaky ýolagçylar barada ýatladyş funksiýalary bilen iň ygtybarly ykjam awtomobilleriň biri bolmagy wada berýär. Ol 18 dýuým diskler we oturgyçlaryň täzelenen mata daşlygy bilen täze Urban Khaki reňkde-de hödürlenýär. Baha we komplektasiýalar soňrak mälim ediler.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......