Lexus ykjam elektrik krossoweriniň adyny patentledi

  • 22.11.2023 15:12
  • 14k+

Toyota konserni Lexus premium brendi üçin birbada üç sany täze belligi hasaba aldyrmak üçin Ýewropa Bileleşiginiň patent edaralaryna ýüz tutdy. Lexus RX-iň eýeleriniň forumynda habar berlişi ýaly, bular HZ 300e, HZ 450e we HZ 550e indekslerdir. Bir wersiýa görä, öndüriji şeýlelik bilen orta ölçegli RZ-ä (uzynlygy - 4,8 metr) garanda has ykjam elektrik ulagy çykarmaga taýynlanýar.

Häzirki Lexus RZ häzirki wagtda 313 at güýjüni we 435 Nm öndürýän goşa hereketlendirijili elektrik stansiýasy bilen enjamlaşdyrylan 450e görnüşinde satylýar. Lexus HZ 450e -iň şol bir kombinasiýany almagy mümkin. Şoňa görä has kiçi HZ 300e wsedorožnigiň bir tigri hereketli görnüşi bolup biler we HZ 550e bolsa, takmynan, 400 at güýjüni öndürýän hereketlendirijiler bilen “zarýadlanan” wersiýa bolup biler.
Mundan ozal, TZ 450e we TZ 550e indeksleri üçin Lexus-yň patent arzalaryny berendigi barada-da habar berlipdi - bu bellikler ýaňy-ýakynda hödürlenen ýangyçly Lexus TX-e meňzeş, üç hatarly flagman ulag üçin saklanyp bilner.


düýn 01:38
6.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.2k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......