BAE-de dünýädäki iň uly Gün elektrik stansiýasy işe girizildi

  • 22.11.2023 08:20
  • 13k+

Birleşen Arap Emirliklerinde dünýäde iň uly Gün elektrik stansiýasy Al-Dafra işe girizildi. Desganyň açylyşy 30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda BAE-de geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça konferensiýanyň (COP28) öňüsyrasynda boldy diýip, habr.com habar berýär.

2 GWt kuwwatly elektrik stansiýasy Abu-Dabiden 35 km uzaklykda ýerleşýär. Al-Dafra tas 4 mln sany ikitaraplaýyn Gün panelleri bilen enjamlaşdyryldy. Desga 200 müňe golaý öý hojalygyny elektrik energiýasy bilen üpjün eder we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 2,4 mln tonnadan gowrak azaldar.
Stansiýanyň gurluşygynyň iň ýokary derejesinde 4,5 müň töweregi iş ornuny döretmek mümkin boldy. Desganyň gurluşygy wagtynda işçiler günde 10 MWt kuwwatly Gün panellerini gurnadylar.
Al-Dafranyň taslamasy Abu Dhabi Future Energy Company (Masdar), Abu-Dabiniň Milli energetika kompaniýasy (TAQA), EDF Renewables fransuz energetika kompaniýasy we Hytaýyň Gün energetikasy pudagynda işläp düzüjisi JinkoPower tarapyndan işlenip taýýarlandy.
Elektrik stansiýasy tora birikdirilenden soň, BAE-de Gün elektrik energiýasyny öndürmegiň kuwwaty 3,2 GWt çenli ýokarlandy.
2050-nji ýyla çenli ýurt 44% “ýaşyl” energiýa, 38% gaz, 12% “arassa kömür”, 6% ýadro energiýasy bilen üpjün ediljek energetika balansyny gazanmagy meýilleşdirýär. BAE-niň ýolbaşçylygy ýüzýyllygyň ortalaryna çenli ýurduň uglerod taýdan bitarap boljakdygyna ynandyrýar. 


24.02.2026 14:01
6.5k+

Hytaýda ýüz ýyl hyzmat etmäge ukyply batareýa döredildi: onuň düzümi tofuň suwuna çalymdaş

Hytaýly alymlar diňe bir howpsuz bolman, eýsem ekologiýa taýdan arassa bolan täze akkumulýator işläp düzdüler. Taslamanyň esasy artykmaçlygy — batareýanyň göwrümini ýitirmezden 120 müňden gowrak zarýad alyş-beriş sikline çydamagyndadyr...

17.02.2026 20:02
2.7k+

Alymlar Gün ýylylygyny ýyllar boýy saklamaga ukyply molekulany döretdiler

Santa-Barbaradaky Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesini siňdirip, ony ýyllar boýy saklamaga we soňra zerur wagty ýylylygy bölüp çykarmaga ukyply organiki birleşmäni döretdiler. Laboratoriýa barlaglarynda bu ýylylygyň otag temperaturasyndaky suwy gaýnatmaga ýetýändigi subut edildi...

30.01.2026 19:58
5.8k+

Dubaýda dünýäde ilkinji gezek robotlar tarapyndan gurlan willa peýda bolar

​Dubaýda (BAE) dünýäde ilkinji gezek doly awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen ýaşaýyş willasy gurlar. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, bu taslama 25-den gowrak tehnologiýa kompaniýasyny we akademiki edarany öz içine alýan halkara konsorsium tarapyndan amala aşyrylýar...

16.01.2026 16:56
4.9k+

Ilkinji gezek energiýa uçup barýan uçardan şöhle görnüşinde Ýerdäki Gün panellerine geçirildi

Overwiew Energy startapy ilkinji gezek uçup barýan uçardan energiýany Ýerdäki adaty Gün panellerine simsiz geçirip bildi. Synag geljekde energiýanyň kosmosdan Ýere iberilmeginde uly ädim hasaplanýar. Kompaniýa pes kuwwatly we giň infragyzyl şöhläni ulandy...