Daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary türkmen talyplaryna umumy sapak geçdiler

  • 22.11.2023 07:59
  • 8.3k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Russiýanyň D.I.Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň “Informatika we kompýuter taslamalary” kafedrasynyň dosenti Filipp Sergeýewiç Sowetin bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

 

Moskwanyň Mendeleýew uniwersitetiniň hünärmeni türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplary bilen “Himiki-tehnologiki prosesleri modelirlemek” dersi boýunça okuw sapagyny geçdi. Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy hünäri boýunça okaýan talyplar “Himiýa pudagynda awtomatlaşdyrylan taslama ulgamy (ATU)” temasyndan leksiýa diňlediler.
Şeýle-de, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we hünärment mekdepleriniň wekilleriniň Berliniň Boýt adyndaky Amaly ylymlar tehniki uniwersitetiniň professory Boris Reznik bilen duşuşygy guraldy.

 

 

Duşuşyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen Oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň we Aşgabat şäheriniň “Türkmendemirýollary” agentliginiň demirýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde geçirildi.
Berlin uniwersitetiniň “Geodeziýa we geoinformatika” kafedrasynyň professory diňleýjiler üçin “Emeli intellekti ulanmak arkaly inženerçilik desgalaryna gözegçilik” temasyndan leksiýa okady. 


düýn 18:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

düýn 11:24
4.1k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.4k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......