Nissan öz sportkarlarynyň keşbindäki pižamalary we halatlary çykardy

  • 21.11.2023 09:42
  • 10k+

«Nissan» kompaniýasy söwda üçin premial köçe eşiklerini öndüriji «Daniel Patrick» bilen birleşdi. «Fast Asleep» diýlip atlandyrylýan täze hyzmatdaşlyk iki brend üçin hem adaty bolmadyk aksessuarlara bagyşlanýar: bular ýatylanda geýilýän eşiklerdir. Şol bir wagtyň özünde, egin-eşik toplumyny döretmekde ýapon sport awtoulaglary, şol sanda «GT-R» we «Nissan Z» ylham çeşmesi boldy.

Şeýlelik bilen, 250 dollara «Nismo» ulagyna häsiýetli çal fondaky gyzyl we gara reňkli nagyşlary bolan pižama hödürlenýär. Her ýeňde täze «Nissan Z-niň» çyralaryny ýatladýan gyzyl zolaklar şekillendirilipdir.
Şol reňkdäki haladyň bahasy bolsa 175 dollara deň bolar.
Iki eşik hem 50 nusgada öndüriler. Olary diňe «Daniel Patrick-iň» resmi web sahypasynda sargyt edip bolýar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....